Türkmenistan işewürler üçin sanly bank hyzmatlaryny giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan işewürler üçin sanly bank hyzmatlaryny giňeltmekçi
“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Muhammedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sanly ulgamyň ösüşini kämilleşdirmek, “Internet bank” ulgamynyň gerimini giňeltmek, menzilara onlaýn töleg ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, 2019-njy ýyldan bäri şeýle hyzmatlar “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hyzmatlara müşderileriň uly isleg bildirýändigini we gazanylan tejribäni göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýuridik şahslar we hususy telekeçiler üçin “Internet bank” ulgamyny “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynda, “Halkbank”, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynda hem ulanyşa girizmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere ýurdumyzyň banklarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle-de wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde harytlary satyn almak boýunça bäsleşikleriň hem-de döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň sanly ulgamyny işe girizmek barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Salgyt kodeksine degişli ähli resminamalary, käbir nyrhlary we salgytlary täzelemegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem, döwrüň talaplaryna laýyklykda, kanunçylyk namalarynyň maddalaryny täzelemegiň, zerur bolan halatynda olara üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmegiň, bu ugurda gözegçiligiň sanly tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bir hepdäniň dowamynda bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda sanlu ulgam bilen baglanyşykly käbir meselelere garaldy.

2022