“Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hemaýatkärlik mahabaty bu hemaýatkär bilen hemaýat edilýäniň arasynda baglaşylan hemaýatkärlik hakynda şertnamanyň şertlerinde ýaýradylýar.
Hemaýatkärlik goşandy mahabat üçin töleg diýlip ykrar edilýär, hemaýatkär we hemaýat edilýän bolsa, degişlilikde mahabat beriji we mahabaty ýaýradyjy diýlip ykrar edilýär.
Hemaýatkäriň öz hemaýat edýän mahabaty ýaýradyjynyň redaktorlyk özbaşdaklygyna degişli bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki çap materiallarynyň ýa-da tele-radio önümleriniň mazmunyna we goýberiljek wagtyna täsiri gadagandyr.
Hemaýat edilýän çap materiallary ýa-da tele-radio önümleri hemaýatkäriň ýa-da üçünji şahsyň harytlarynyň satuwyna ýa-da hödürlenen hyzmatlaryna (satyn alynmagyna) ýardam etmeli däldir.
“Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda mahabatyna ýol berilmeýän harytlary taýýarlamak ýa-da satmak ýa-da hyzmatlary etmek olaryň işiniň esasy mazmuny bolup durýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar çap materiallarynyň ýa-da tele-radio önümleriniň hemaýatkärleri bolup bilmezler.
Syýasy we täzelikler temalaryna bolan çap materiallarynyň ýa-da tele-radio önümleriň hemaýatkärlik edilmegi gadagandyr.
Çeşme: “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanuny