“Wozroždeniýe” Türkmenistanda täze taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Wozroždeniýe” Türkmenistanda täze taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär
Igor Bukato Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady.

Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýanyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Onuň barşynda işewür ýolbaşçylyk etýän kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli, düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Döwlet Baştutanymyz hem öz gezeginde Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, dürli ulgamlarda ýöriteleşen “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki wagtda “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýandygyny aýdyp, Igor Bukato bu möhüm inženerçilik-tehniki desgadaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle-de holdingiň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, Igor Bukato Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady.

“Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda açyldy. Türkmenistanda iş alyp barýan döwründe kompaniýa 50 kilometrden gowrak birinji derejeli awtoulag ýoluny we 18 sany ýol çatrygyny we köprülerini içine alýan 25-den gowrak infrastruktura desgasyny gurup, ulanmaga berdi.

2022