Eýranyň Energetika ministriniň suw üpjünçilik ulgamy boýunça orunbasary Mohammad Jawanbahtyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet suw we elektrik pudagyndaky eýran-türkmen hyzmatdaşlygyny, şeýle hem bu ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin sişenbe güni Aşgabada sapar bilen geldi. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi habar berdi
Eýranyň Energetika ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow bilen degişli ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmegiň ýollary boýunça gepleşikleri geçirdi
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar elektrik energiýasy pudagynda gatnaşyklaryň hasam giňeldilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem, inženerçilik we tehniki hyzmatlar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy. Onuň esasynda ýakyn wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Eýranyň elektrik energiýasy pudagyndaky mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşmak üçin goňşy ýurda sapara ugradylar.