Türkmenistanda 52 sany durmuş maksatly iri desgalar işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 52 sany durmuş maksatly iri desgalar işe giriziler
Düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59%-i durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Şu ýyl Türkmenistanda önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-siniň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer Muhammetguly Muhammedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59%-i durmuş maksatly binalaryň, 41%-i bolsa önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle-de Muhammetguly Muhammedow ýurdumyzda geljekde önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, şeýle hem edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýandygyy aýtdy.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

2022