Türkmenistanda täze uçarlaryň alynmagy we gämileriň gurulmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze uçarlaryň alynmagy we gämileriň gurulmagy meýilleşdirilýär
“Türkmenhowaýollary” agentligi täze howa gämilerini satyn almagy maksat edinýär.

“Türkmenhowaýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri tarapyndan täze howa gämileriniň satyn alynmagy hem-de deňiz gämileriniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Mämmethan Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýük teplowozlarynyň, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan ýeňil awtoulaglaryň we kiçi awtobuslaryň satyn alynmagy, welaýatlarda ýolagçy awtomenzilleriniň hem-de awtotürgenleşik meýdançalarynyň, şeýle hem “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurulmagy bilen, täze iş orunlarynyň dörediljekdigini aýtdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan aragatnaşyk liniýalarynyň we sanly awtomatik telefon beketleriniň giňeldilmegi, poçta hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, Ahal welaýatynda pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap dolandyryş binasynyň gurulmagy bilen hem täze iş orunlarynyň döredilmegi hem meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamyna döwletiň iri möçberli maýa goýumlarynyň goýulýandygyny, şoňa görä-de, ulgamyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmalydygyny, täze iş orunlaryny döretmelidigini nygtady hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022