Haly, dokma we söwda pudagynyň ösüşine bagyşlanan sergi geçiriler

BiZNES TÜRKMENISTAN
Haly, dokma we söwda pudagynyň ösüşine bagyşlanan sergi geçiriler
Döwlet Baştutanymyz şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilmelidigini nygtady.

Şu ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer Çary Gylyjow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Çary Gylyjow Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde türkmen halyçylyk sungatyna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň maslahatynyň we halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň hem-de medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Şeýle-de wise-premýer täze senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny dünýäde wagyz etmek işinde geçirilýän forumlaryň eýeleýän möhüm ornuny we ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de ilerletmäge, ýurdumyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady hem-de wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

2022