“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kärhanasynda şu ýylyň ilkinji dört aýynda 32 müň 265 tonna nahar duzy öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşine görä, bellenilen meýilnama 102% ýerine ýetirildi.
Kärhanada nahar duzundan başga-da tehniki duz hem öndürilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan tehniki duzlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda giňden peýdalanylýar.
Mundan başga-da, kärhananyň önümi dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda hem-de beýleki köp sanly ugurlarda ulanylýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bolan “Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.