Köneürgenç etrabynda uly ýük ulaglaryna hyzmat edýän hususy duralganyň gurluşygy başlandy. Ol Köneürgenç şäheriniň Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezi bilen baglaýan gara ýolyň golaýynda ýerleşýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Ýerli telekeçiniň gurýan täze desgasy üç gektar ýeri tutýar. Bu ýerde ulaglaryň durýan ýerinden başga-da, gözegçilik çukurly we zerur ýörite tehnikalar uly ýük ulaglaryna tehniki hyzmat zolagyny, tigirleri bejeriş hyzmat nokadyny we ýuwalgany, onuň ýeterlik derejede işlemegi üçin zerur beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň geljegi uly hasaplanylýar, çünki ol sebitiň köp gatnawly iň uzyn ýolunyň ugrunda ýerleşer. Welaýat Özbegistan bilen serhetleşýär.
Daşoguz welaýatynyň mundan beýlägem ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýetli ýol-ulag düzümleri giň möçberli dürli maksatnamalaryň çäklerinde döwletiň yzygiderli gönükdirýän serişdeleriniň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Gara ýollaryň, olar bilen baglanşykly, şol sanda hyzmat ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygyna we olaryň durkuny täzelemäge ýerli telekeçileriň goşandy barha artýar.