Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly işewürler bilen geljegi uly taslamalara garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly işewürler bilen geljegi uly taslamalara garady
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda telekeçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek isleýändigini tassyklady we munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýdyp, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň toplan oňyn tejribesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli peýdalanylýandygyny nygtady.

Duşuşykda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Innowasion häsiýetli, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň döredilmeginiň iň gowy dünýä gazananlarynyň hem-de ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna esaslanýandygy bellenildi.

Işewür Türkmenistanda netijeli işewürligi alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de dürli maksatly desgalaryň, ulag düzüminiň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmak ugrunda toplan tejribelerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de çarşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy.

Wladimir Petruk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýy we ähli şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Işewür senagat we raýat ugurly gurluşyklaryň dürli pudaklarynda ýöriteleşen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny hem-de ähli tejribesini, mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigini ynandyrdy.

2022