Amerikan işewürligi türkmen bazaryndaky ornuny berkitmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Amerikan işewürligi türkmen bazaryndaky ornuny berkitmäge taýýar
Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şeýle-de döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýeti bellenildi, şolarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn orun berilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan täzeçil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurtlaryň ýokary tejribelerini çekmäge, dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berýär.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşi 2008-nji ýylda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen döredildi.

2022