“Türkmenhimiya” DK-syna özbek kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhimiya” DK-syna özbek kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Döwlet Baştutanymyz içerki sarp edijileri himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Uzkimyoimpeks” kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu baradaky Kararyň taslamasyny Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow hödürledi.

Wise-premýer  ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini degişli mineral dökünler bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan bolsa zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri oba hojalygynda hem-de önümçiliklerde giňden ulanylýan himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi üpjün etmegi hem-de ýurdumyzda öndürilýän, sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

2022