Serdar Berdimuhamedow Daşoguzdaky elektrik taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Daşoguzdaky elektrik taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy
Gurluşyk meýdançasynda elektroenergetika pudagyna degişli taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, gurluşyk meýdançasynyň çäginde ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmäge we ýakyn ýyllarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan elektroenergetika pudagyna degişli taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, bu ugurda öňde durýan Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryny häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrmak meseleleri hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ahal we Balkan welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdiren halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy geçen ýylyň awgust aýynda tamamlanyp, ulanylmaga berildi. Balkan-Daşoguz elektrik geçirijisiniň gurluşygy şu ýylyň ýanwar aýynda başlandy.

Ýurdumyzyň Ahal-Balkan-Daşoguz halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

2022