Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi
Duşuşyga gatnaşyjylar owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini maslahatlaşdylar. (Surat: Gazagystanyň DIM-i)

Almaty şäherinde sişenbe güni Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagyny, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegini we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy, Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Owganystan bilen bagly alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň, şol sanda durmuşa geçirilýän TOPH taslamasynyň we Owganystanyň häzirki hökümeti bilen netijeli gepleşikleriň geçirilmeginiň üstünde durup geçdi.

Duşuşygyň dowamynda bu ugurda yzygiderli gepleşikleri geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Çäräniň netijeleri boýunça taraplar Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.

Şeýle-de çärä gatnaşmagynyň çäklerinde W.Hajiýew BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Debora Laýons bilen hem duşuşdy.

 

2022