Türkmenistan-Katar biznes forumynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Katar biznes forumynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna garaldy
Doha, Katar

Çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistan-Katar işewürlik forumynda söwda we senagat hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ýollary we iki ýurtdaky maýa goýum mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Qatar News Agency” agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow ýolbaşçylyk etdi. Kataryň wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohamed bin Twar Al Kuwari ýolbaşçylyk etdi. Bu çärä iki ýurduň birnäçe işewürleri we dürli pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şeýle hem, forumda iki ýurtdaky telekeçileri has ýakynlaşdyrmakda hem-de söwda we maýa goýum alyş-çalşygyny giňeltmek ugrunda bileleşikleri we hyzmatdaşlygy ýola goýmakda Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň ähmiýetine garaldy.

Kataryň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Kataryň we Türkmenistanyň köp ugurlarda ýakyn gatnaşykda bolýandygyny we ony has ýokary derejelere çykarmak üçin iki tarapda-da islegiň bardygyny aýtdy.

Al Kuwari iki ýurduň ýakyn gatnaşyklara, ägirt uly mümkinçiliklere we serişdelere eýe bolandyklaryna hem-de nebit we suwuklandyrylan tebigy gaz pudagynda dünýä bazarynda möhüm orun eýeleýändiklerine garamazdan, olaryň söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň garaşylýanyndan pesdigini aýtdy.

“Katar bazary geljegi uly we ähli daşary ýurt maýadarlaryny ýokary garşy alýar. Şeýlelikde, pursatdan peýdalanyp, türkmen kompaniýalaryny Katara maýa goýmaga we ähli pudaklarda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaga çagyrýaryn” diýip, Al Kuwari Kataryň esasanam 2022-nji ýyldaky FIFA dünýä çempionatynyň ýakynlaşmagy bilen global maýa goýumlarynyň merkezine öwrülendigini aýtdy.

Şeýle hem, Al Kuwari Kataryň maýadarlaryny Türkmenistana maýa goýmaga we ol ýerdäki maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge höweslendirmek üçin Söwda-senagat edarasynyň gyzyklanmasyny tassyklady.

Döwletgeldi Rejepow hem öz gezeginde Kataryň Söwda-senagat edarasyna bu forumy geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Katar bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi.

“Bu forum iki tarap üçin hem Katar bilen Türkmenistanyň hususy pudagynyň arasynda oba hojalygy, energiýa, tehnologiýa, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny öwrenmek üçin mümkinçilik döredýär” diýip,  Rejepow aýtdy.

Şeýle-de, Rejepow Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy barada aýdyp, ýurduň öňdebaryjy infrastrukturany hödürleýän maýa goýumlary üçin ygtybarly we amatly ýerdigini belledi.

Türkmenistan bilen Kataryň Söwda-senagat edaralarynyň hyzmatdaşlygy goldaýandygyny belläp, Türkmenistana maýa goýmak isleýän katarly maýadarlara ähli zerur maglumatlary bermäge taýýardygyny aýtdy.

Döwletgeldi Rejepow türkmen kärhanalarynyň Katara öz önümlerini, ýagny ýokary hilli we elýeterli bahadan oba hojalyk önümlerini eksport etmek isleýändiklerini aýtdy. Şeýle hem, D.Rejepow Kataryň dürli pudaklara maýa goýumlaryny çekmek üçin öz ýurdunyň gyzyklanmasyna ünsi çekdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçen ýylyň aprel aýynda Türkmenistan-Katar işewürler maslahaty geçirildi.

2022