“Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurduň çäginde döwlet emläginiň kärendesi nähili görnüşde amala aşyrylyp bilner?
Eger döwlet emlägi maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça ulanylmaýan bolsa (oturdylmadyk bolsa), ýöne tehniki ýagdaýy boýunça ulanmaga ýaramly bolsa we eger şeýle emlägiň kärendesi önümçilige zyýan ýetirmeýän bolsa, onda ol emläk wagtlaýyn kärendesine berlip bilner.
Şeýle-de, döwlet kärhanalarynyň, olaryň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň emläk toplumlary, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň dolulygyna ýa-da bölekleýin goşulmagy bilen, kärendesine berlip bilner.
Döwlet emläginiň kärendesine berijisi bolup bu emlägi hasabynda saklaýjy çykyş edýär.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara döwlet emläginiň aýry-aýry obýektleri we görnüşleri boýunça kärendesine beriji bolup çykyş edip biler.
Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Döwlet emläginiň kärende şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi kärendesine berijiler we ygtyýarly edara amala aşyrýar.
Çeşme: “Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanuny