Ýanwar-maý: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 41,8% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-maý: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 41,8% artdy
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,8% artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Muhammedow şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabata laýyklykda, öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 11,5% artdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,6% artdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet maýa goýumlarynyň netijeli bolmagyna gözegçilik etmegiň, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, täze önümçilikleri ýola goýmagyň, maýa goýumlary we işewürlik, göni daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur işleri amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2%-e deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022