Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda 5 sany geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy 82,5 million ABŞ dollaryna we 937 müň manada barabar boldy.
Türkiýeli we Owganystanly telekeçiler 80 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldylar. Onuň bahasy çarşenbe güni geçirilen söwdalardaky baha bilen deňeşdirilende 3,8% artdy. Önümiň bir tonnasynyň bahasy 1,028 ABŞ dollaryna deň boldy. Tebigy gazdan öndürilen benzin boýunça geleşikleriň umumy bahasy 82,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB mälim etdi.
Mundan başga-da, Gyrgyzystanly işewür umumy bahasy 297,4 müň ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügiň 88 müň tonnasyny satyn almaga geleşik baglaşdy. BAE-niň wekili 22 müň tonna nah ýüplük satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 937,5 müň manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.