Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň ösüşini belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň ösüşini belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy, 2022-nji ýylyň 10-njy iýuny, Moskwa, Russiýa (Surat: Kremlin.ru)

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni Moskwada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň ýokarlanýandygyny belledi. Bu barada “Kremliniň” metbugat gullugy habar berdi.

“Pandemiýa döwründe gynansak-da söwda dolanyşygymyz 10% ýaly pese gaçdy” diýip, Putin aýtdy. Emma, ýüze çykan ähli daşarky kynçylyklara garamazdan, şu ýylyň birinji çärýeginde ikitaraplaýyn haryt dolanyşyk 40%-den gowrak ýokarlandy we bu bolsa öňe tarap örän çynlakaý ädimdir diýip, Russiýanyň Prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem öz gezeginde Russiýanyň Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.

“Ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir energetika ulgamyna däl, eýsem, senagat, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlara hem degişlidir” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Prezident Wladimir Putin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň haryt we maýa goýum alyşmalaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň üstünde iş alyp barýandygyny aýtdy.

“Ýakynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de iki ýurduň özara hasaplaşyklarynda milli pullary ulanmak tejribesini giňeltmek üçin bu toparyň rus tarapyndan başlygy Aşgabatda sapar etdi” diýip, Putin belledi.

Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm pudaklarynyň biri energetikadyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy we bu meselä aýratyn üns berlendigini nygtady.

Metbugat ýygnagynyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda we birnäçe beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa sapary şu ýylyň 15-nji martynda Prezident wezipesine başlany bäri ilkinji resmi saparydyr. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

2022