Türkmenistan “EKSPO-2020 Dubaý” sergisindäki pawilýonyny ýene-de bäş ýyl ulanyp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “EKSPO-2020 Dubaý” sergisindäki pawilýonyny ýene-de bäş ýyl ulanyp biler
Ýurdumyzyň milli pawilýony “EKSPO–2020” sergisinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” mowzugy astynda işledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “EKSPO-2020” sergisinde Dubaý şäherinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ulanmak barada hasabat berdi.

Wise-premýer bütindünýä sergisiniň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli Dubaýdaky guramaçylyk komitetiň şol Milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýyl möhletiň dowamynda ulanmagy teklip edýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Şeýle-de Atdaýew milli pawilýonyň ýurdumyzda öndürilýän harytlary ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny hem-de forumlaryny geçirmek üçin ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergilerini guramagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etmegiň gerekdigini we onuň harytlaryň eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisi “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” diýen şygar astynda geçen ýylyň oktýabr aýynda başlap, 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam etdi. Ýurdumyzyň milli pawilýony “EKSPO–2020” sergisinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” mowzugy astynda işledi.

2022