Türkmenistanda ulanylýan esasy daşary söwda adalgalary

Nurmyrat Mommaýew
Türkmenistanda ulanylýan esasy daşary söwda adalgalary
Daşarky söwda-da harytlaryň satyn alynmagynda hem-de gowşurylmagynda birnäçe adalgalar ulanylýar.

Daşarky söwda diýlip, bir ýurduň öz çäkleriniň daşynda öndürilen harytlary hem-de hyzmatlary satyn almagyna ýa-da öz çäginde öndürilen harytlardyr hyzmatlary daşary ýurtlara satmagyna düşünilýär. Soňky ýyllarda has-da globallaşan dünýä sebäpli, daşarky söwda diňe bir ýurduň ykdysadyýetine däl, eýsem ykdysady bähbitlilik ugrunda bilelikde tagallalar edýän ähli ýurtlaryň ykdysadyýetlerine hem öz täsirini ýetirýär.

Daşarky söwda-da harytlaryň satyn alynmagynda hem-de gowşurylmagynda birnäçe adalgalar ulanylýar. Bu adalgalar Halkara söwda palatasy (International Chamber of Commerce) tarapyndan kesgitlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig-mal biržasynda geçirilýän we “Biznes Türkmenistan” internet neşirinde çap edliýän kotirowkalarda hem bu daşarky söwda adalgalary ulanylýar. Bu adalgalaryň hersiniň aýry-aýry ulanylmagy, harytlaryň gelip gowuşmagy we taraplaryň jogapkärçiliginiň nireden başlanýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanda esasan aşakdaky üç daşary söwda adalgasy köp ulanylýar:

Harytlaryň satyja degişli kärhanada gowşurylmagy/ EX WORKS (EXW)

“EX WORKS” harydy satýan tarapyň harytlary öz kärhanasynda (zawod, ammar we ş.m) harydy satyn alýan tarapa gowşurmagyna diýilýär. Satyjy eger başgaça ylalaşylmadyk bolsa, harytlary satyn alýan tarapyň ulagyna ýüklenmeginden ýa-da olaryň eksport gümrüginden geçirilmeginden jogapkärçilik çekmeýär. Alyjy satyjynyň zawodyndan ýa-da ammaryndan başlap, harytlaryň daşalmagy bilen baglanşykly ähli çykdajylarda jogapkär bolup durýar. Bu, satuwyň ähli görnüşleriniň arasynda satyjynyň iň az jogapkärçilik çekýän satuw görnüşidir.

Satuwyň bu görnüşinde şertnamada görkezilen satuw bahasyna diňe gaplanan harytlaryň bahasy goşulýar. Başgaça aýdylanda, harytlaryň gowşurylan pursadyndan başlap, transport, ýüklemek, düşürmek we ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly çykdajylaryň ähli görnüşleri alyjy tarapyndan tölenýär.

Harytlaryň daşaýja gowşurylmagy/ FREE CARRIER (FCA)

Bu adalgada satyjynyň borçlary harytlaryň eksport gümrüginden geçirilip, alyjynyň kesgitlän daşaýjysyna ýa-da kesgitlän ýerine gowşurmagy bilen tamamlanýar. Eger-de alyjy harytlaryň gowşurylmagy üçin anyk bir ýer kesgitlemedik bolsa, onda satyjynyň özi harytlary daşaýjynyň gelip alyp biläýjek ýerine eltip biler. Söwda amallary daşaýjy bilen şertnama baglaşmak üçin satyjynyň kömegini talap edýän bolsa (mysal üçin demirýol we howa ulaglarynda), onda satyjy töwekgelçilik we çykdajylar alyja degişli bolmak şerti bilen hereket edip biler.

Harytlaryň gäminiň üstünde gowşurylmagy/ FREE ON BOARD (FOB)

Bu adalgada satyjynyň harytlary gowşurmak borjy harytlar bellenen ýük portunda gämä ýüklenýän pursadyndan başlap tamamlanýar. Harytlaryň ýitmegi ýa-da zaýalanmagy bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri alyjy şu pursatdan başlap öz üstüne alýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022