Türkmenistan bilen Eýran bilelikdäki söwda merkezini döreder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran bilelikdäki söwda merkezini döreder
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk üçin bir ýyllyk ýol kartasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar. (Surat: "Tasnim" habar agentligi)

Türkmenistan we Eýran iki goňşy ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki söwda merkezini döretmek barada ylalaşdylar.

Bu baradaky ylalaşyk Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri Seýed Reza Fatemi-Amin bilen sişenbe güni Tähranda geçiren duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.

Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministrliginiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň belleýşi ýaly, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk üçin bir ýyllyk ýol kartasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Batyr Atdaýew bilelikdäki söwda sergilerini we serhetýaka bazarlary açmagy teklip etdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022