Türkmenistan Eýranyň üsti bilen elektrik energiýasyny eksport etmegi teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen elektrik energiýasyny eksport etmegi teklip edýär
Häzirki wagtda Mary-Maşat ýokary woltly elektrik ulgamynyň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak meselesine seredilýär.

Türkmenistan Eýrana şu ýyl ýurduň energoulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara iberip başlamagy teklip edýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu bardaky teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen çarşenbe güni Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin maslahatyň dowamynda mälim etdi.

Mary-Maşat ýokary woltly elektrik ulgamynyň eýran böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy we ulanmaga taýýardygy göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu ulgamyň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak meselesine seredilýändigi bellenildi.

Iki ýurduň arasynda gazy “swop” görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, taraplar iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň “swop” boýunça üçünji ýurtlara iberilmeginiň öwrenilmegini teklip etdiler.

Bu gepleşikleriň öňüsyrasynda Türkmen wekiliýetiniň sişenbe güni Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Eýranyň öň satyn alan türkmen tebigy gazy üçin bergileri boýunça hasaplaşyklaryň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022