ÝTÖB türkmen süýt önümlerini öndürýän kompaniýanyň ösüşine ýardam berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB türkmen süýt önümlerini öndürýän kompaniýanyň ösüşine ýardam berýär
Häzirki wagtda “Garagumyň” süýt önümleri elýeterli bahalary we ýokary hili bilen tapawutlanýar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) kiçi telekeçiler üçin maslahat beriş maksatnamasy “Garagum” süýt önümlerini öndürýän türkmen telekeçisi Atamyrat Sariýewe degişli kärhananyň önümleriniň dizaýnyny gaýtadan düzmäge we kompaniýanyň harytlarynyň sanynyň artdyrylmagyna ýardam berdi. Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ÝTÖB-iň duşenbe güni habar bermegine görä, bu maksatnama kompaniýanyň giňelmegine we söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam berdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Garagum” kärhanasy hususylaşdyrylmagyň netijesinde telekeçi Sariýewiň eýeçiligine geçdi.

ÝTÖB-iň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň süýt önümleri bazarynda bäsdeşlik uludyr we bu sebäpli islendik brend üçin özüňi tanatmak aňsat bolmaýar.

Atamyrat Sariýew kärhanada önümleriň ýerli sygyr süýdinden we himiki goşundylar ulanmazdan taýýarlanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ilatyň kärhananyň önümleriniň ýokary hilinden we nyrhlarynyň amatlydygyndan habarsyzdyklary sebäpli ýeterlikli täze müşderileriň çekip bolmandygyny belledi.

Sariýew bu bökdençlikleri ýeňip geçmek we sarp edijileriň arasynda brend wepalylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, ÝTÖB-iň kiçi telekeçiler üçin maslahat beriş maksatnamasyna ýüz tutandygyny we onuň ýardamy esasynda “Garagum” brendini täzeläp, önümleri üçin täze özüne çekiji gaplama dizaýnlaryny düzendigini aýtdy.

Netijede, “Garagum” kompaniýasy ýerli bazara alty sany täze önüm hödürledi we onuň ýyllyk dolanyşygy 2,5 esse hem-de girdejisi 100%-den gowrak ýokarlandy.

Häzirki wagtda “Garagumyň” süýt önümleri elýeterli bahalary we ýokary hili bilen tapawutlanýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda kompaniýa bazardaky paýyny we önümçiligiň mukdaryny artdyrmagy başardy. “Garagum” galyndysyz önümçilige geçmek bilen, onuň ekologiýa taýdan arassalygyny gazanmagy maksat edinýär.

2022