Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasy Garabogaz köl aýlagynyň üstünden köpri gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasy Garabogaz köl aýlagynyň üstünden köpri gurar
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlanar.

Ukrainanyň “Altkom” gurluşyk kompaniýasy Gazagystan serhedine çenli barýan Türkmenbaşy-Garabogaz awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsini gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen “Altkomyň” arasyndaky köpri gurluşyk şertnamasyny baglaşmak baradaky Karara penşenbe güni gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ukrainanyň gurluşyk kompaniýasy köpriniň eltiji ýollaryny hem gurar.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlanar we awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.

Täze guruljak köprä barýan ýol ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger hem-de bu köpri Türkmenistan-Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler.

2022