Türkmenistan bilen Çehiýa wodorod energiýasy boýunça tejribe alyşmaga ygrarly

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Çehiýa wodorod energiýasy boýunça tejribe alyşmaga ygrarly
Awtoduralgada duran wodorod ýangyjynda işleýän “Skoda TriHyBus” awtobusy, Neratowise, Çehiýa (Surat: www.h2bus.cz)

Aşgabat bilen Praga wodorod energiýasy boýunça tejribe alyşmak baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada Türkmenistanyň we Çeh Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamynyň wekilleriniň penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynyň dowamynda maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde duran möhüm meselelere garadylar. Hususan-da wodorod energiýasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hukuk binýadyny ösdürmek, Söwda-senagat edaralarynyň we işewürleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek ýaly meselelere garaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky Ýol kartasyny we Çehiýanyň bolsa Wodorod Strategiýasyny kabul edendiklerini göz öňünde tutup, bu ugurda özara tejribe alyşmak we geçirilýän çärelere gatnaşmak boýunça tekliplere serediljekdigi bellenildi.

Mundan başga-da, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak hakynda Ähtnamanyň hem-de Maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmäge gyzyklanma bildirildi.

Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny şu ýylyň ýanwar aýynda kabul etdi.

 

2022