OGT 2022 Halkara ylmy maslahaty öz işine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
OGT 2022 Halkara ylmy maslahaty öz işine başlady
Maslahatyň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde daşky gurşaw meselesi we zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly jähtler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäherinde penşenbe güni “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa taraplary we wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başldy.

Forum “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalary bilen bilelikde gurnalýar. Bu maslahata 100-den gowrak wekiliýet gatnaşyp, forum gibrid görnüşinde geçirilýär.

Maslahatyň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde daşky gurşaw meselesi we zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly jähtler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da halkara we ýerli bilermenler uglewodorodyň özleşdirilmeginiň daşky gurşawa bolan täsirleri we täze energiýa döwrüne geçiş, wodorod geljegiň ýangyjy, metanyň we CO2 zyňyndylaryny azaltmak, arassa energiýany öňe sürmekde daşky gurşawyň/howanyň maliýeleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikler ýaly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň uglewodorod baýlyklary 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdir, şolardan 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kubmetrden gowragy tebigy gazdyr. Bu maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

2022