Türkmen dokma önümleri Koreýanyň import harytlarynyň sergisinde görkezilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen dokma önümleri Koreýanyň import harytlarynyň sergisinde görkezilýär
Sergide 60-dan gowrak ýurtdan gelen 70 sany kompaniýanyň wekilleri öz önümlerini görkezýärler.

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde penşenbe güni öz işine başlan 2022 – Import harytlaryň sergisinde Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Köpugurly sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, “Nusaý”, “Gala”, “Goza”, “Merw”, “Bedew” ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär.

Şonuň ýaly-da, milli pawilionda Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen birlikde döwletimiziň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, çeper elli zenanlaryň dokan türkmen halysy, milli el işleri, zergärçilik ýaly ekspozisiýalar goýuldy.

Bellenilişi ýaly, milli önümlerimiziň Halkara sergisiniň diwarlyklaryny bezemegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn manysy bardyr. Şeýle-de metbugatyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda öndürilen önümleriň bu sergide görkezilmegi ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşar.

Sergi şu ýylyň 25-nji iýunyna çenli dowam eder. Sergide 60-dan gowrak ýurtdan gelen 70 sany kompaniýanyň wekilleri öz önümlerini görkezýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022