Hytaýyň kompaniýasy türkmen nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň kompaniýasy türkmen nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat berer
“Sinopec Group” Hytaýda nebit we gaz öndürýän ikinji uly kompaniýadyr.

“Türkmennebit” döwlet konserni Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy (SINOPEC) bilen guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu baradaky Karara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Resminamanyň taslamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow tarapyndan hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz nebitiň gazylyp alynýan möçberlerini ýokarlandyrmak üçin pudaga öňdebaryjy tejribäni giňden çekmegiň wajypdygyny belledi.

“Sinopec Group” Hytaýda nebit we gaz öndürýän ikinji, iň uly nebiti gaýtadan işleýän kompaniýa we dünýäde üçünji uly himiýa kompaniýasydyr.

“Dragon Oil” kompaniýasy bilen täze şertnama

Ş.Abdrahmanow Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipler beýan edildi.

Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnama barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

“Dragon Oil” Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasydyr. Bu kompaniýa 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşylan şertnamanyň esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde iş alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022