Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 82,4 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 82,4 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň Merkezi banky

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 82 milliard 458 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 13,5% artdy. 2021-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 72 milliard 649 million manada deň boldy.

2022-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 54 milliard 985 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,56% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 52 milliard 588 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 10 milliard 608 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 64,8% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 6 milliard 437 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 16 milliard 865 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,8% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň iýun aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 13 milliard 624 million manada barabar boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022