Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler
Türkmenbaşy porty, Türkmenistan

Aşgabatda 18-19-njy iýul aralygynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahat geçiriler.

Maslahatyň maksady halkara ýük gatnawlarynyň pandemiýadan soň dikeldilmegi we olaryň häzirki ýagdaýa uýgunlaşmagy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň we halkara guramalaryň, iri logistiki kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, maslahat we onuň çäklerinde guralýan işewürlik ýygnaklary halkara ýük gatnawlarynda maýa goýum mümkinçiliklerine has ýakyndan göz aýlamaga we uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini gözden geçirmäge mümkinçilik berer.

Halkara forumyň işine Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleriniň, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň, logistika guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022