Çarşenbe güni Hanoýda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde türkmen-wýetnam işewürlik forumy geçirildi. Bu forumyň netijelerine görä, Türkmenistan bilen Wýetnamyň telekeçileri birnäçe resminamalara gol çekdiler.
Işewürlik forumyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, täze çözgütleri işläp taýýarlamak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Wýetnamyň habar beriş serişdeleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew öz çykyşynda bu forumyň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ýola goýlan iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine we giňeldilmegine täzeden itergi berjekdigine uly ynam bilen belledi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi, şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen wýetnem wekiliýetiniň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşuklar geçirildi.