Gurluşyk ugry boýunça türkmen-wýetnam iş toparyny döretmek tekliplerine seredildi. Bu baradaky teklipler Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň sişenbe güni Hanoýda Wýetnamyň Gurluşyk hem-de Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda mälim edildi.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwlet we hususy telekeçilikden maýa goýumlaryny çekmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk ýaly pudaklar we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle-de iki ýurduň resmileri anyk ylalaşygy gazanmak boýunça iki döwletiň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hereketleri pugtalandyrmagy teklip etdiler.