Konditer önümlerini öndürýän “Datly şerbet” täze önümhana açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Konditer önümlerini öndürýän “Datly şerbet” täze önümhana açdy
Açylyş tapgyrynda esasy önümçilik desgasy 200-e golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

“Täze Aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň konditer önümleri bilen meşgullanýan golçur “Datly şerbet” hususy kärhanasy Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry et­ra­by­nda täze fabrika gurdy. Fabrikanyň önüm­çi­lik des­ga­sy­nyň bi­ri kon­di­ter önüm­le­ri­ni, ikin­ji­si bol­sa, kar­ton­dan dür­li öl­çeg­dä­ki gu­tu­lary ön­dür­mä­ge ýö­riteleş­di­ri­len­dir.

Täze fabrika “Täze Aý önümleri” kompaniýasy tarapyndan gurlup, ol döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de konditer önümlerini öndürmek üçin işler doly awtomatlaşdyrylandyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Kon­di­ter önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik bö­lü­mi­niň ýyl­lyk kuw­wat­ly­ly­gy 15 müň ton­na süý­ji ön­dür­mä­ge ba­ra­bar­dyr. Önümleriň 50%-den 60%-ine çenli ýurduň içerki bazaryny üpjün etmek we galan 40%-50%-ni daşary ýurda eksport etmek meýilleşdirilýär.

Açylyş tapgyrynda esasy önümçilik desgasy 200-e golaý we kartondan dürli ölçegdäki gutulary öndürmäge niýetlenen desga 60-a golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022