Türkmenistan bilen Gazagystan Maryda bugdaý saklamaga niýetlenen elewator gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystan Maryda bugdaý saklamaga niýetlenen elewator gurar
Elewatory Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan we Gazagystan bilelikde Mary welaýatynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatory gurmagy meýilleşdirýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow Elewatoryň gurluşygy baradaky meýilnamalary duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mälim etdi.

Wise-premýer esasan, Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de Owganystanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistan we Gazagystan haltalary öndürýän önümçiligi gurmagy hem maksat edinýärler. Bu desgalaryň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda gurulmagyna garaşylýar. Ýazmyradowyň aýtmagyna görä, bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu işleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermekde ähmiýetlidigini nygtap, hödürlenen teklibi içgin öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garaldy. Maslahata ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hem gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022