RŽD Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ugry boýunça demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
RŽD Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ugry boýunça demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýdy
Otlynyň 8 müň kilometrden gowrak aralygy 35-37 günüň dowamynda geçmegine.(Surat: “RŽD Logistika”)

Russiýanyň döwlet demirýollary holdingi “RŽD” AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan “RŽD Logistika” Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýadan Hindistana konteýner otlularyny daşap başlady.

Ilkinji konteýner otlusy Moskwanyň golaýyndaky “Çehow” stansiýasyndan ugrady. Bu barada “RŽD Logistika” duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda mälim etdi.

Daşama intermodal bolup, deňiz gatnawyny hem öz içine alýar. Bu deňiz gatnawynyň soňky barjak ýeri Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Nawa Şewa portudyr. Otlynyň 35-37 günüň dowamynda barmagyna garaşylýar we ýol uzaklygy 8 müň kilometrden geçýär.

“RŽD Logistika” bu taslamanyň esasy hereketlendirijisiniň gatnawyň ähli gatnaşyjylarynyň deňagramly nyrh syýasatydygyny belledi.

Geçen hepde altynjy Hazar sammitiniň dowamynda eden çykyşynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Hazar deňzinde esasy halkara logistika merkezini döretmek üçin goşmaça tagalla etmelidigini aýtdy. Putin güýje giren Hazarýaka döwletleriniň ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşygynyň Sankt-Peterburgdan Eýranyň we Hindistanyň portlaryna çenli uzaýan iri ulag ugrunyň taslamasyna itergi berjekdigini aýtdy.

“RŽD Logistika” GDA we Baltika ýurtlarynda iň uly multimodal logistika operatorydyr.

2022