Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumy gurlar
Häzirki wagtda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ECO-93 görnüşli ekologik taýdan arassa benzin we suwuklandyrylan gaz öndürýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi beýan etdi.

Täze ammaryň gurluşygy zawody doly taslama kuwwatyna çykarmak hem-de önümleri amatly bahalardan ýerlemek maksady bilen teklip edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow hödürlenilen teklibi makullap, bu senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawodyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ECO-93 görnüşli ekologik taýdan arassa benzin, suwuklandyrylan gaz we kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny öndürýär.

2022