Balkan welaýatyndaky Hazar deňziniň kenarýakasynda ýerleşýän Uzynada nebit we tebigy gaz meýdançasynda 7 müň 300 metr çuňlukdaky täze guýynyň burawlama işlerine başlandy.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, täze guýynyň burawlanmagy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleri esasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýakyn geljekde bu ýerde degişli işleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow sebitiň tebigy serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ýerde geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirmegiň zerurdygy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.