Aşgabatda ulag baglanyşyklaryny dikeltmek boýunça halkara konferensiýa geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ulag baglanyşyklaryny dikeltmek boýunça halkara konferensiýa geçiriler
Konferensiýa Türkmenbaşy halkara deňiz portuna we Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gezelençleri hem öz içine alýar.

Aşgabatda duşenbe güni sebitleýin we sebitara arabaglanyşygy hem-de ösüşi güýçlendirmek üçin ulag we üstaşyr geçelgelerini dikeltmek boýunça halkara konferensiýa geçiriler.

“Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş” atly iki günlik konferensiýa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy bilen gurnalýar. Konferensiýa “Türkmendemirýollary”, “Turkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” we Türkmenhowaýollary agentlikleri tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM), “Türkmen Logistika” Birleşigi hem-de “Türkmen Forum” bilen bilelikde gurnalýar. Bu barada “Turkmen Forum” ýaýradan metbugat beýanatynda habar berýär.

Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň dürli künjeklerinden çykyş etjekleriň we wekiliýetleriň köpüsi “Zoom” platformasy arkaly konferensiýa birigerler.

Türkmenistandan we sebitden gelen esasy hökümet wekilleri, döwlet edaralary we hususy pudagyň ýolbaşçylary ulag we geçelgeleri gowulandyrmak üçin öz pikirlerini hem-de strategiýalaryny hödürlärler. Beýanatda bellenilişi ýaly, 30-dan gowrak abraýly ýerli we halkara guramalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleri çykyş ederler.

Maslahata 400-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň 171 wekili we ýerli kompaniýalaryň 87 wekili. Çärä esasan ulag we logistika pudaklarynda işleýän kompaniýalar we guramalardan başga-da, dürli guramalaryň hem-de pudaklaryň wekilleri gatnaşarlar.

Şeýle-de konferensiýa wekiliýetler üçin hökümet we hususy pudagyň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamak üçin platforma bolup hyzmat eder. Konferensiýa Türkmenbaşy halkara deňiz portuna we Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gezelençleri hem öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022