Zyňyndylary azaltmakda täzeçe çözgüt: “termos diňi”

Nurmyrat Mommaýew
Zyňyndylary azaltmakda täzeçe çözgüt: “termos diňi”
“Termos diňi” hökmünde çykyş edýän desganyň 13 sagada çenli suwy izolýasiýa etmek mümkinçiligi bar.

Parnik gazlaryny azaltmak we energiýa howpsuzlygy boýunça geçirilýän çäreler ýurtlaryň täze energiýa çeşmelerini gözlemeklerine itergi berdi. Käbir ýurtlar gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlaryny artdyrýan bolsalar, käbirleri uzak möhletleýin çözgütler bilen bu meseläniň üstesinden gelmäge synanyşýarlar. Ýaňy-ýakynda “AP News”-da çap edilen hasabatda bu ugurda başga bir usulyň bardygy mälim edildi.

“Vattenfall” atly elektrik kompaniýasy Germaniýada iri “termos diňiniň” gurluşygyna başlady. Berlinde gurulýan “termos diňiniň” beýikliginiň 45 metr boljakdygy we onda 56 million litr suwuň saklanyp bilinjekdigi mälim edildi. Umumy bahasy 52 million ABŞ dollaryna barabar bolan täze desga Germaniýanyň Gün we Ýel beketlerinde öndürilýän elektrik energiýasyny ulanmak arkaly gaýnadylan suwy saklamak üçin niýetlenendir.

“Termos diňi” hökmünde çykyş edýän desganyň suwy 13 sagada çenli izolýasiýa etmek mümkinçiligi bolup, tomus aýlarynda Berliniň gyzgyn suw zerurlyklarynyň agramly bölegini üpjün edip biler. Şeýle hem, ol gyş aýlarynda Berliniň gyzgyn suw zerurlyklarynyň takmynan 10%-i kanagatlandyryp biler.

Berlindäki “termos diňi” zerur bolanda suwy ýylatmak üçin ulanylýan zyňyndylary azaltmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Başgaça aýdylanda, bu taslama az energiýa sarp edip, energiýa garaşlylygy bilen bir hatarda zyňyndylary azaltmak nukdaýnazaryndan daşky gurşawa hem peýdalydyr.

Kömür, tebigy gaz ýa-da zyňyndylary ulanýan ýyladyş ulgamlary Berlinde bir asyrdan gowrak wagt bäri ulanylsa-da, olaryň köpüsi belli bir derejedäki ýylylygy saklamak üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýyladyş ulgamlary adaty ýangyçlary ýakyp, global ýylylygyň döremegine sebäp bolýan parnik gazlarynyň bölünip çykmagyna sebäp bolýarlar.

 “Reuter” elektrik bekedinde gurulýan desganyň Germaniýanyň Gün we Ýel beketlerinde öndürilýän elektrik energiýasyny ulanyp, suwy gaýnaga golaý derejede saklamagyna garaşylýar. Desga elektrik saklamagyň ýerine ýylylygy saklamak arkaly iri batareýa hökmünde çykyş edýär.

Bilermenler bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen geljekde binalary izolýasiýa etmekde termos tehnologiýasyny ulanmak arkaly täze izolýasiýa ulgamlaryny ösdürip boljakdygyny belleýärler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022