Aşgabatda duşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty öz işine başlady.
Maslahata 400-den gowrak wekil gatnaşyp, olaryň 171-si daşary ýurt kompaniýalarynyň we 87-si ýerli kompaniýalaryň wekilidir. Çärä esasan ulag we logistika pudaklarynda işleýän kompaniýalar we guramalardan başga-da, dürli guramalaryň hem-de pudaklaryň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň dowamynda 30-dan gowrak abraýly ýerli we halkara guramalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleriniň çykyş etmegine garaşylýar.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew maslahat gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýüzlenmesini ýetirdi.
“Ýurdumyzyň ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, ygtybarly energetika we ulag gatnawlarynyň netijeliligini üpjün edýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Biz geljekde-de ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy dowam etdireris. Munuň özi diňe bir oňyn öňegidişlikleri we ösüşleri gazanmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň ýüze çykarýan möhüm meselelerini hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam eder” diýip, Döwlet Baştutanymyzyň ýüzlenmesinde bellenildi.
Iki günlik konferensiýa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy bilen gurnalýar. Konferensiýa “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” we Türkmenhowaýollary agentlikleri tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM), “Türkmen Logistika” Birleşigi hem-de “Türkmen Forum” bilen bilelikde gurnalýar.