“Türkmendemirýollary” magistral teplowozlary satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendemirýollary” magistral teplowozlary satyn aldy
Bu ýük otlulary ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan “Türkmendemirýollary” agentliginiň AGPJ-niň lokomotiwleriniň hataryna goşular.

“Türkmendemirýollary” agentligi Russiýada öndürilen kuwwatly magistral teplowozlaryň bäşisini satyn aldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, Brýansk maşyngurluşygy zawodynyň (“Трансмашхолдинг”) hünärmenleriniň taýýarlaýan ýük otlulary çylşyrymly ýollarda we agyr howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.

Bellenilişi ýaly, bu ýük otlulary ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan “Türkmendemirýollary” agentliginiñ lokomotiwleriniň hataryna goşular.

2020-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda “Demirýollary” AGPJ-sy bilen “Трансмашхолдинг” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana Russiýada öndürilen ТЭП70БС ýolagçy otlusy we 2ТЭ25КМ magistral ýük otlusy getirilipdi.

2022