Aziýanyň Ösüş banky (AÖB) häzirki wagtda Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýol ugry üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma taýýarlamak boýunça Türkmenistana ýardam berýär. Bu barada AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrysýak Aşgabatda duşenbe güni geçirilen “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatyň dowamynda mälim etdi.
“Bu taslama 1,147 kilometr aralyk boýunça ýolagçy we ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär we ol Türkmenistanyň üstinden geçýän ähli halkara geçelgelere biriger. Başlangyç tapgyrda Aşgabat-Duşak 170 kilometr uzaklygy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamanynyň taýýarlyk işleri dowam edýär” diýip, AÖB-niň Türkmenistandaky Direktory aýtdy.
Şeýle-de Artur Andrysýakyň bellemegine görä, AÖB bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde halkara öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagy, şol sanda şertnama we maliýeleşdiriş gurluşynda hususy pudagyň gatnaşygyny artdyrmagy, daşky gurşawyň durnuklylygyny gazanmagy we elekrtofikasiýalaşdyrmagy, sanlaşdyrmagy hem-de döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.
“Türkmendemirýollary” agentligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ilkinji taslama üçin karz serişdeleriniň gönükdirilmeginiň AÖB direktorlar geňeşi tarapyndan tassyklanmagyna garaşýarys diýip, Artur Andrysýak nygtady.
AÖB-niň maslahatyň dowamynda üstünlikli gepleşiklere hem-de halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriniň gün tertibine goldaw bermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy bellenildi.
Iki günlik halkara maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy bilen gurnalýar. Konferensiýa “Türkmendemirýollary”, “Turkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” we Türkmenhowaýollary agentlikleri tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM), “Türkmen Logistika” Birleşigi hem-de “Türkmen Forum” bilen bilelikde gurnalýar.