SNGIZ Özbegistana 1,300 tonna ýol bitumyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ Özbegistana 1,300 tonna ýol bitumyny eksport etdi
Şu ýylyň başyndan bäri SNGIZ-de ýol bitumynyň 14 müň 300 tonnasy öndürildi.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) şu ýylyň başyndan bäri Özbegistana 1,300 tonna ýol bitumyny eksport etdi.

Baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli zawodda öndürilen bu nebit önüminiň 3,000 tonnasy Özbegistana iberiler. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri SNGIZ-de ýol bitumynyň 14 müň 300 tonnasy öndürilip, müşderilere ýerlenildi.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ geçen ýyl 220,83 müň tonna benzin, 135 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny, 22,5 müň tonna mazudy, 35 müň tonna golaý ýol bitumyny, şeýle-de başga nebit önümlerini öndürdi.

2022