Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $4,5 milliarddan geçdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $4,5 milliarddan geçdi
Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Türkmenistan Hytaýa şu ýylyň ýanwar-iýun aralygynda 4 milliard 510 million ABŞ dollarlyk tebigy gaz iberdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 1,5 esse ýokarydyr. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýy turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 1 milliard 650 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9 esse artdy.

Beýleki turbageçiriji arkaly tebigy gazy bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Mýanma ($616 million), Gazagystan ($531 million) we Özbegistan ($404 million) girdi.

Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Awstraliýa Hytaýa iň köp suwuklandyrylan gazy eksport eden ýurt boldy. Hytaý Awstraliýadan bu önümiň 11 million 150 müň tonnasyny import etdi. Onuň umumy bahasy 7 milliard 730 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk şu ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi

2022