Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriň Prezidentleriniň sammitiniň dowamynda türkmen tarapynyň energiýa serişdeleriniň eksportyny ýokarlandyrmaga we olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

“Hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardyrys” diýip, Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw maslahatynyň dowamynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge umyt edýändigini belläp, sebitdäki ýurtlaryň eýýäm iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

2022