Oba hojalygynda mehanizasiýa we täze çözgütler

Nurmyrat Mommaýew
Oba hojalygynda mehanizasiýa we täze çözgütler
Dik ekerançylyk tehnologiýalaryny ulanmagyň esasy artykmaçlygy, az ýer talaby hem-de ýokary hasyllylykdyr.

Adamzat gadymy döwürlerden bäri oba hojalygy önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýadan peýdalanýar. Oba hojalygynyň tehnologiýa bilen uzak wagtlyk baglanyşygy ýönekeý palçykdan ýasalan oba hojalyk gurallaryndan bug bilen işleýän hasyl ýygnaýjy tehnikalara, ösümlikleri köpeltmäge gönükdirilen dürli usullardan binalarda ýyladyşhanalar gurulmagyna çenli baryp ýetýär.

Oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak gadymy döwürlerden bäri adamzadyň esasy maksatlarynyň biridir. Adamzat netijeliligi ýokarlandyrmagyň usullaryny gözlegler we synaglar esasynda agtarmaga dowam etdi. XIX asyryň başynda dökünleriň ösümlige täsiri boýunça ilkinji synaglar üstünlikli geçirildi. Bu seneden soň himiýa we biologiýa pudagynda gazanylan üstünlikler oba hojalygy tehnologiýasynda uly özgerişlik döretdi. 1920-nji ýyllardan başlap, genetika ylmynyň ulanylmagy ýarym asyryň içinde täze ösümlikleriň ýetişdirilmeginde uly üýtgeşmelere sebäp boldy.

Häzirki wagtda mehanizasiýanyň kämilleşmegi netijesinde oba hojalygynda elektrifikasiýalaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak ýaly usullar ornaşdyrylýar. Oba hojalygynda näçe elektrik energiýasynyň sarp edilýändigi, kärhanada adam we haýwan güýjüniň ýerine näçe hereketlendirijiniň ulanylmagy, adam zähmetine we gözegçilige mätäç bolmazdan bu tehnikalaryň näçeräk işleýändigi ýaly faktorlar kärhananyň mehanizasiýa derejesini kesgitleýär.  Mehanizasiýa derejesiniň görkezijilerine her gektara düşýän traktor güýji, 1000 gektara düşýän traktorlaryň sany we her bir traktora düşýän tehnikalaryň sany ýaly ölçegler bilen baha berilýär.

Oba hojalygynda mehanizasiýa düşünjesi, diňe bir sanlardan ybarat bolan maglumatlary däl-de, eýsem täze tehnologiýalaryň we usullaryň ulanylmagyny hem öz içine alýar. Häzirki wagtda durnukly oba hojalygy önümçiligi bilen bir hatarda oba hojalygyndaky azyk üpjünçiligi meseleleriniň çözgütleri oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak bilen deň derejede möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, işlenip düzülen çözgütleriň biri bolan dik ekerançylyk tejribesi, iň täze tehnologiýalary hem-de oba hojalygy önümçiliginde döwrüň talaplaryny birleşdirýär.

Dik ekerançylyk tehnologiýalaryny ulanmagyň esasy artykmaçlygy, az ýer talaby hem-de ýokary hasyllylykdyr. Şol bir wagtyň özünde dik ekerançylykda has köp ekin görnüşini ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Mundan başga-da, ekinler içerde bolansoň, garaşylmadyk howa hadysalarynda ekinleriň ýitgisi azalýar. Netijede, ýeriň çäkli ulanylmagy sebäpli dik ekerançylyk ýerli ösümliklere we haýwanlara az zyýan ýetirýär hem-de ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň has köp goralmagyna mümkinçilik berýär.

Dik ekerançylyk tehnologiýalarynyň kemçilikleri näme?

Dik ekerançylyk tehnologiýalarynda adaty fermalar bilen deňeşdirilende has köp başlangyç çykdajylary bilen ýüzbe-ýüz bolunýar. Awstraliýada 10 gatdan ybarat bolan dik ekerançylyk desgasy adaty ekin meýdanlarynyň her inedördül metriniň bahasyndan 850 esse gymmatdyr. Dik ekerançylyk desgalarynda yşyklandyryjylar ýaly goşmaça ýagtylygyň ulanylmagy sebäpli ägirt uly energiýa çeşmeleri zerur bolup durýar. Şeýle-hem, bu energiýa talaplaryny kanagatlandyrmak üçin adaty energiýa çeşmeleri ulanylan halatynda daşky gurşaw üçin fermalara we ýyladyşhanalara garanyňda has zyýanly bolup biler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

2022