“Türkmennebit” 300 million kubmetrden gowrak tebigy gaz artyk çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” 300 million kubmetrden gowrak tebigy gaz artyk çykardy
“Türkmennebit” döwlet konserniniň işçi-hünärmenleri degişli döwürde 12 müň tonna golaý nebit bellenilen meýilnamadan artyk öndürdi.

“Türkmennebit” döwlet konserni boýunça geçen alty aýda 300 million kubmetrden gowrak tebigy gaz bellenilen meýilnamadan artyk çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň işçi-hünärmenleri degişli döwürde bellenilen meýilnamadan artyk 12 müň tonna golaý nebit öndürdi.

Mundan başga-da, şu ýylyň birinji ýarymynda konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp edijilerine 2 million 87 müň kubmetr arassa suw ýetirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserni şu ýylyň başynda Tatarystanyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça ylalaşyk baglaşdy.

Şeýle-de şu ýylyň fewral aýynda “Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýum gönükdirmek barada Karara gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022