Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji çärýeginde (21-nji martdan 21-nji iýuna çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38% ýokarlandy. Bu barada Eýranyň gümrük gullugynyň wekili Ruhollah Latifiniň mälim eden maglumatlaryna salgylanyp, “Tehran Times” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Latifiniň belleýşi ýaly, Eýranyň üç aýyň dowamynda Türkmenistana eksporty 95 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň iýun aýynyň ortalarynda Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri Reza Fatemi-Amin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol duşuşygyň barşynda taraplar Tähran-Aşgabat söwda merkeziniň döredilmeginiň wajyplygyny nygtadylar.
Şeýle-de taraplar söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we işjeňleşdirmek üçin iki ýurduň işewürlerine goldaw bermegiň ähmiýetini nygtadylar we geljekdäki hyzmatdaşlyk boýunça bir ýyllyk ýol kartasyny düzmek üçin iş topary döretmek kararyna geldiler.
Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministri Rostam Kasemi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.