Owganystan Türkmenistandan müňlerçe tonna suwuklandyrylan nebit gazyny import edýär

BIZNES TURKMENISTAN
Owganystan Türkmenistandan müňlerçe tonna suwuklandyrylan nebit gazyny import edýär
“Haýratan”, “Akina” we “Turgundy” portlaryndan müňlerçe tonna türkmen suwuklandyrylan nebit gazy Owganystana iberiler.

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň hökümeti müňlerçe tonna suwuklandyrylan nebit gazyny Türkmenistandan import etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada ministrligiň metbugat beýanatyna salgylanyp, “Khaama Press” täzelikler agentligi duşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, silindr gazy hökmünde tanalýan suwuklandyrylan nebit gazynyň Türkmenistandan Owganystana ugradylmagy türkmen resmileri bilen Owganystanyň Milli standartlar gullugy, Owganystanyň Nebit-gaz korporasiýasy we Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady geňeşçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrlik türkmen resmileri bilen geçirilen bilelikdäki birnäçe duşuşyklaryň jemleri boýunça Owganystanyň gaz importyny ýokarlandyrmak barada şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Netijede, “Haýratan”, “Akina” we “Turgundy” portlaryndan müňlerçe tonna türkmen suwuklandyrylan nebit gazy Owganystana iberiler.

 “Bakhtar” döwlet täzelikler agentliginiň owgan resmilerine salgylanyp habar bermegine görä, türkmen suwuklandyrylan nebit gazynyň iberilmegi bilen Owganystandaky gazyň bahasy ep-esli peseler.

Owganystanyň Maliýe ministrligi şenbe güni ýurduň Eýrandan 350 müň tonna ýangyç import etmek baradaky şertnama gol çekendigini habar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022